logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Science and Education /Türkmen-koreý ylmy hyzmatdaşlygy ösdürilýär
  17.12.2025
240
Türkmen-koreý ylmy hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumynyň çäklerinde Koreýa Respublikasyndan gelen wekiliýet bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde duşuşyk geçirildi.

 

Duşuşyga Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo-nyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň direktory Kim Gýo Şik, Koreýa Respublikasynyň DYPNF kompaniýasynyň prezidenti Ýu Býon Guk, Koreý telekeçileriniň bütindünýä birleşiginiň direktory An Sym Bom, Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Demirgazyk we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň býurosynyň direktory Pak He Jin Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Demirgazyk we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň býurosynyň direktorynyň orunbasary Nan Jim, Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Demirgazyk we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň býurosynyň direktorynyň ikinji sekretary Li Je San, Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Demirgazyk we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň býurosynyň direktorynyň üçünji sekretary Kim Daýhun gatnaşdylar.

 

Ikitaraplaýyn duşuşyk, esasan, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim we ylym ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga bagyşlandy. Duşuşykda uniwersitetde dünýä ölçeglerine laýyk hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri giňişleýin beýan edildi. Hususan-da, emeli aň, kibersport, robototehnika hem-de elektronika ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.

 

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda uniwersitetiň Koreýa Respublikasynyň Sungkýunkwan we Inha uniwersitetleri bilen, şeýle hem beýleki öňdebaryjy daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri we iri kompaniýalar bilen baglaşylan özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalarynyň bardygy bellenildi. Geçirilýän duşuşyklar mundan beýläk hem Gahryman Alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Koreýa Respublikasy bilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, uniwersitetde ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleriniň gerimini giňeltmäge, dünýä derejesine çykarmaga ähli mümkinçilikleriň döredilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

Suwhannazar GOŞAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Ekerançylyk önümlerini gaýtadan
işlemek kafedrasynyň mugallymy.