logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Sports /Türkmen küştçüleri «Başkent Open 2023» halkara festiwalynda
  26.08.2023
852
Türkmen küştçüleri «Başkent Open 2023» halkara festiwalynda

Türkmen küştçüleri 15 – 20-nji awgust aralygynda Türkiýäniň paýtagty Ankarada geçirilen «Başkent Open 2023» halkara festiwalyndan ajaýyp netijeler bilen dolandylar. 8 ýurtdan 600 küştçiniň gatnaşmagynda geçen halkara küşt festiwaly ulularyň arasynda ýaş derejeleriň dördüsi (A, B, C, D), çagalaryň arasynda bolsa üçüsi (10, 12, 14 ýaşa çenli) boýunça ýaryşlary özünde jemledi. Türkmen küştçüleriniň ikisi bu ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi başardylar.

 


Bu ýerdäki küştçüleriň iň güýçlüleriniň bäsleşigi bolan A derejeli ýaryşda ildeşlerimizden halkara grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew (2482 reýting) çykyş etdi. Ol ikinji tapgyrda ýeňlişe sezewar bolandygyna garamazdan, şondan soň netijeli oýun görkezmegiň hötdesinden geldi. 4 duşuşygyny ýeňiş, 3 oýnuny bolsa deňlik bilen tamamlan türkmen küştçüsi iň ýokary netijeleri görkezen küşt ussatlarynyň hataryna goşuldy. Mümkin bolan 9 utukdan 6,5 utuk gazanan ildeşimiz ikinji orna eýe çykdy. Ildeşimiziň utuklarynyň sany diňe 7,5 utuk jemlän gruziýaly Nikolaz Petriaşwiliniňkiden (2458 reýting) az boldy.