logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Türkmen küştçülerinden​ ýene bir ýeňiş
  18.05.2025
1219
Türkmen küştçülerinden​ ýene bir ýeňiş

Duşenbe şäherinde ýaşlaryň arasynda geçirilen Günbatar Aziýanyň küşt çempionaty üstünlikli tamamlandy. Bu ýaryşa 12 döwletiň wekili bolan 200-e golaý küştçi gatnaşdy. Türkmenistandan gatnaşan 17 zehinli türgen ýokary netijeleri bilen tapawutlandy.

 

18 ýaşa çenli gyzlaryň blitz ýaryşynda Leýla Şohradowa altyn medaly gazandy. 8 ýaşa çenli oglanlaryň blitz ýaryşynda Çaryhekim Çaryýew bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle hem, 10 ýaşa çenli oglanlaryň topary — Maksat Öwlýägulyýew, Myrat Merdanow we Didar Hupbiýew klassiki, rapid we blitz görnüşindäki toparlaýyn bäsleşiklerde bürünç medallary gazandy.

 

Netijede, Türkmenistanyň ýygyndy topary çempionatdan bir altyn we dört bürünç medal bilen ýurdumyza dolandy.