logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Türkmen lukmanlary bejeriş we maslahat beriş ýardamlaryny bermek üçin Owganystanda işe başladylar!
  16.05.2023
891
Türkmen lukmanlary bejeriş we maslahat beriş ýardamlaryny bermek üçin Owganystanda işe başladylar!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy esasynda 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda 3 sany türkmen lukmanlary owgan zenanlaryna hem-de çagalaryna bejeriş we maslahat beriş ýardamlaryny bermek üçin Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesindäki 2016-njy ýylda Türkmenistan tarapyndan ynsanperwer kömegi hökmünde gurlup berlen 20 orunlyk çaga dogrulýan öýüne geldiler.

Turgundy şäherçesinde lukmanlary owgan tarapy gyzgyn garşy aldy. Olar çaga dogrulýan öýünde owgan zenanlaryň we çagalaryň saglygyny bejermekde öz ýardamlaryny we maslahatlaryny berip işe başladylar. Lukmanlaryň sapary şu ýylyň maý aýynyň ahyryna çenli dowam eder.