Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Türkmen medeniýeti barha rowaçlanýar
  10.04.2023
417
Türkmen medeniýeti barha rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rowaçlanýan ýollarynda ynamly öňe barýan Türkmenistan Watanymyzda milli däp-dessurlarymyzyň, medeniýetimiziň we milli ýörelgelerimiziň, merdana halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda oňyn netijelere eýe bolýan medeni diplomatiýamyz döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde çykyş edýär. Häzirki wagtda edebi mirasy, milli däpleri, amaly-haşam sungatyny ösdürmekde halkara derejesinde amala aşyrylýan tagallalara döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär, halkara hyzmatdaşlykda özara medeni-ynsanperwer gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Eziz ýurdumyzyň medeniýet ulgamyndaky gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent derejeler türkmen jemgyýetiniň ruhy kuwwatyny berkitmäge, medeni-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamaga itergi berýär. Medeni üstünlikler sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge, şeýle-de giň halkara medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Onuň çäklerinde gadymy Köneürgenç, Gadymy Merw we Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda orun almagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Geçmişi şöhratly gadymy hem müdimi türkmen topragymyz tutuş dünýä meşhur milli gymmatlyklaryň, nepis halylaryň, ýyndam ahalteke bedewleriniň, türkmen alabaýynyň, milli şaý-sepleriň, senetçiligiň ösen mekanydyr. Türkmen halkynyň sungat derejesine göterilen milliligi bu gün bütin dünýä ýüzünde tanalýar we uly abraýdan peýdalanýar. Merdana pederlerimizden bize miras galan milli sungatymyzyň we medeniýetimiziň görnükli nusgalary dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orny eýeleýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň» girizilmegi hem medeniýet ulgamynyň ösüşlere eýe ýolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna birikdirmek, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny, türkmen keçe sungatyny, türkmen tazysyny we elguş sungatyny, türkmen milli göreşini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Türkmen halky özüniň şöhratly taryhynda orun alan milli mirasynyň nusgalyk görnüşleriniň dünýäde giň meşhurlyga eýedigine hem-de olaryň umumadamzat medeniýetine örän uly goşant goşýandygyna buýsanç bilen garaýar. Ýurdumyzda halkara derejesindäki festiwallar, sergiler, maslahatlar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny, medeniýetini hem sungatyny giňden wagyz etmekde şeýle çärelere uly orun degişlidir. Şeýle bagtyýar zamanada, medeniýet ulgamyny ösdürmäge, medeni mirasymyzy gorap saklamaga we dünýä ýaýmaga, ýurdumyzyň bu ugurdaky abraý-mertebesini has hem belende galdyrmaga gönükdirilen beýik işleri, asylly başlangyçlary alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, mertebesi belent bolsun! 

 

Mehrihan MAWLÝAMOWA,

Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar 
sungat mekdebiniň mugallymy.