logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Türkmen medeniýeti dabaralanýar
  28.03.2024
739
Türkmen medeniýeti dabaralanýar

Türkmen halky türki dünýäsiniň gadymy taryhynda şöhratly menzilleri geçen beýik halk. Dana pederlerimiz öz nesillerine şu günüň bagtyýar döwranyny, erkana durmuşyny peşgeş bermeklik üçin köp işleri etdiler. Olaryň gymmatly mirasyny gorap saklamak we düýpli öwrenmek biziň ählimiz üçin perzentlik borç bolup durýar. 

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda beýik şahsyýetlerimiz hatyralanyp, medeni ýadygärliklerimiziň ähmiýeti barha artýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bolsa bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasy bolup çykyş edýär.    

 

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň hem-de abraýly halkara guramalaryň arasyndaky özara we köptaraply hyzmatdaşlyklar häzirki wagtda barha ösdürilýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolan eziz Diýarymyz bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen maksatlaryny üstünlikli amala aşyrýar. Bu ugurda dünýä döwletleri, şeýle hem, türki dünýäniň ýurtlary bilen alnyp barylýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.  

 

Seýitnur MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.