logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Türkmen milli oýunlary boýunça ýaryş geçirildi
  27.04.2023
1177
Türkmen milli oýunlary boýunça ýaryş geçirildi

Ýakynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda «Bedew» baýramy mynasybetli etrap bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda etrabyň 30-njy orta mekdebiniň binasynda «Biz Oguzhan nesli» atly türkmen milli oýunlary boýunça ýaryş geçirildi.

Ýaryşa etrabyň orta mekdepleriniň okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Ýaryşda toparlar sportuň milli düzzüm, milli göreş, sapan atmak, gyzyl taýak, ýalyga towusmak we ýüp çekişme ýaly görnüşleri boýunça  bäsleşdiler.

Ýaryş özboluşly häsiýete eýe boldy. Diýseň çekeleşikli we gyzykly geçen bäsleşigiň ahyrynda emin agzalar tarapyndan ýeňijiler yglan edildi.

Ýeňijilere Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

 

Myrat ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler 
arkalaşyklarynyň Tejen etrap 
Geňeşiniň başlygy.