logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Türkmen milli şaý-sepleri barada
  26.08.2021
2663
Türkmen milli şaý-sepleri barada

Ýagny, Türkmen zergärçilik sungatynda aýal-gyzlaryň şaý-sepleri esasy orny eýeleýär. Türkmen aýal-gyzlarnyň şaý-sepleri özüniň gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar.Türkmen ussalary beýleki halklaryňka meňzemeýän ajaýyp şaý-sepleri ýasamagy başarypdyrlar. Taryhy çeşmelerde, bir türkmen aýalynyň dakynýan şaý-sepleri azyndan 7-10 kg.-dan 36 kg. çenli barabar bolupdyr. Türkmen aýal-gyzlarnyň dakynýan şaý-sepleri gözbaşyny Oguz han eýýamyndan alyp gaýdýandyr.

         Has takygy, Marydan, Köneürgençden, Namazgadepeden, Nusaýdan tapylan aýal heýkelleri, olaryň dakynýan monjuklary, gulak halkalry, şaý-sepleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

         Türkmen halkynyň zergärçilik sungaty diňe hünär bolmak bilen çäklenmän, eýsem durmuş zerurlygydyr, onuň öz pelsepesi we dünýägarýşy, çeperçilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleri bardyr. Kämil ussanyň elinden çykan şaý-sep ýurdumyzyň çetki bazarlarynda satylsa-da, onuň haýsy ussanyň ýasandygyny bilipdirler.

         Meşhur türkmen şahyrlarymyzyň arasynda zergärleriň bolmagy hem tötänden däldir, olar bu kär bilen gün-güzeranyny aýlap, özlerini tutuşlygyna bu sungata hyzmat etmäge bagyşlapdyrlar. Uly şan-şöhrata eýe bolan türkmen zergärleriniň biri hem biziň milli şahyrymyz Magtymguly Pyragydyr. Magtymgulynyň döwürdeşi, ajaýyp şahyr we serkerde Magrupy hem ussat zergär bolupdyr.

         Ussat senetçilerimiziň sünnäläp ýasan ajaýyp eserleriniň içinde gyz-gelinleriň dakynýan şaý-sepleri dürli-dürliligi bilen tapawutlanypdyr. Olar kümüşden ýasalan, ýüzüne altyn çaýylan bilezikdir kökenli ýüzükler, gulaga dakylýan halkadyr monjuklar, gyz tahýalaryna dakylýan gupbalar, gülýakalar, apbasylar, çapraz-çaňňalar, bukawlar, heýkeller, tumarlar, maňlaýyklar we ş.m.

Zergärler öz sungatynyň üsti bilen özleriniň gelin-gyzlaryny boýdan-başa bezäpdirler. Şaý-sepleri ýeňil bolmandyr. Durşuna owaz bolup duran şaý-sepler gaty usullylygy, ykjamlygy, asyllylygy talap edipdir. Sähelçe artykmaç  hereket edilende olar her bir adamyň ünsüni özüne çekipdir. Şonuň üçin türkmen gelin-gyzlarynyň oturyp-turuşlary, özlerini alyp baryşlary asyllylyga we edeplilige ýugrulandyr.