Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ahalteke bedewi türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Sagdyn jemgyýet — ösüşiň ygtybarly binýady ✦ ✦ Jobs In Ashgabat: iş berijiler we iş gözleýänler üçin HR consulting hyzmatlary ✦ ✦ Pekin emeli aň pudagynyň umumy ykdysady göwrümini 1 trillion ýuana ýetirmegi meýilleşdirýär ✦ ✦ Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” sergisi geçirilýär ✦ ✦ Halkara tejribe alyşmak maksady bilen okuw seminary guraldy ✦ ✦ Aşgabatda Bütindünýä hindi dili güni dabaraly bellenildi ✦ ✦ Halkara energetika hyzmatdaşlygy — ösüşiň binýady ✦ ✦ Emeli aň bilen milli ykdysady howpsuzlyk pugtalandyrylýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwy geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Açyk gapylar» gününi geçirýär!
  10.03.2023
1380
Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Açyk gapylar» gününi geçirýär!

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2023 — 2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2023-nji ýylyň 18-nji martynda, 22-nji aprelinde we 13-nji maýynda «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar! 

«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti barada maglumatlary www.tohu.edu.tm web saýtyndan hem görüp bilersiňiz.

«Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 10:00-da başlanýar: 

Aşgabat şäheriniň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýaşlary üçin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde. Salgysy: Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçesiniň 143-nji jaýy. Telefonlary: 34-07-77; 34-25-64; 34-27-09.

Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy: Daşoguz ş., Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefonlary: 800322-9-33-92; 800322-9-40-68.

Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Türkmenabat ş., Zelili köçesiniň 1-nji «A» jaýy. Telefonlary: 800422-9-89-56; 800422-9-87-71; 800422-9-88-12.

Mary welaýatynyň ýaşlary üçin Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Baýramaly ş., Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy. Telefonlary: 800564-6-00-83; 800564-6-07-84; 800522-6-30-82.