logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Technology /Türkmen okuwçylary halkara innowasiýa bäsleşiginde ýeňiji boldular
  03.10.2024
507
Türkmen okuwçylary halkara innowasiýa bäsleşiginde ýeňiji boldular

Kuala-Lumpur, Malaýziýa – Türkmen mekdep okuwçylary VI Bütindünýä innowasiýa oýlap tapyş-taslama bäsleşiginde (WICE-2024) ajaýyp netijeler gazandylar!


Baýrak alan taslamalar:
Altyn medal we ýörite sylag – Kerimberdi Myratlyýew («Novalorep» web sahypasy)
Kümüş medal – Oguzhan Mergenow («Atmasfera gözegçilikli ammary»)
Kümüş medal – Rahmanberdi Ödemyradow («E-ulag» web sahypasy)
Kümüş medal – Aýhan Arslanow («E-rent» web sahypasy)


Okuwçylara ýolbaşçylyk eden:
Öwezgeldi Janalyýew, mekdep-internatyň informatika mugallymy


Bäsleşige gatnaşan ýurtlar:
15 ýurtdan, şol sanda Indoneziýa, ABŞ, Türkiýe, Günorta Koreýa, Gazagystan, Meksika, BAE, Belarus, Hindistan ýaly döwletlerden zehinli okuwçylar 126 taslama bilen çykyş etdiler.


WICE-2024 – ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we innowasiýa taslamalaryny ösdürmäge gönükdirilen abraýly halkara bäsleşikdir.

Türkmen okuwçylarynyň bu üstünligi ýurdumyzda innowasiýa we bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň nobatdaky subutnamasydyr!