logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmen - Owgan serhet ýakasynda däne ammarlary we söwda toplumlary gurular
  05.03.2024
734
Türkmen - Owgan serhet ýakasynda däne ammarlary we söwda toplumlary gurular

Ýakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda owgan harytlarynyň sergisi geçirildi. Sergide Owganystan döwletinde öndürilýän önümler, bezeg üçin ulanylýan gurluşyk harytlary, halylar, şaý-sepler, senagat himiýasy, gök we miwe, azyk önümleri görkezildi.

 

 

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem bu sergä baryp gördi we onda sergilenen önümlere tomaşa etdi. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ikitaraplaýyn duşyşyk geçirildi.

 

 

Häzirki wagtda Türkmenistan üstaşyr ulag geçelgelerininiň merkezinde Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýär. Söwda-ykdysady ulgam iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugry bolup durýar. Mundan başgada duşuşygyň dowamynda iki goňşy ýurduň serhet ýakalarynda däne ammarlary, söwda toplumlaryny we iki ýurt üçin hem ähmiýetli bolan beýleki desgalary gurmak bilen baglanşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Eziz Batyrow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçlyk fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.