logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Türkmen–özbek suw hojalyk hyzmatdaşlygy boýunça mejlis geçirildi
  02.02.2026
326
Türkmen–özbek suw hojalyk hyzmatdaşlygy boýunça mejlis geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Hywa şäherinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary T.Atahallyýew, özbek wekiliýetine bolsa Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň oba hojalygyny ösdürmek boýunça geňeşçisi Ş.Ganiýew ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýtynda habar berildi.

 

Duşuşyga iki ýurduň suw serişdelerini dolandyrmak, irrigasiýa ulgamyny ösdürmek we daşky gurşawy goramak boýunça degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.

 

Çykyşlarda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynam we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesini aýratyn bellediler. Şeýle-de, suw hojalyk ulgamyndan daşary ykdysady, infrastruktura hem-de ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine bolan umumy gyzyklanma nygtaldy.

 

Taraplar suw serişdelerini dolandyrmakdaky durnukly hyzmatdaşlygyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, oba hojalygynyň ösüşinde hem-de sebit durnuklylygyny berkitmekde möhüm strategik ähmiýete eýedigini bellediler.

 

Mejlisiň dowamynda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmaga gönükdirilen häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, gözegçilik we hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmek, şeýle hem hünärmenleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Howa şertleriniň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmaga hem aýratyn üns berildi.

 

Duşuşygyň jeminde taraplar hyzmatdaşlygyň hukuk we institusional esaslaryny mundan beýläk-de berkitmäge, şeýle-de geňeşmeleri yzygiderli geçirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Mejlis netijeli ýagdaýda geçip, onuň ahyrynda degişli Teswirnama gol çekildi.

 

Ahmet AGAÝEW,

Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň talyby.