Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly ulgam - ösüşiň binýady ✦ ✦ Medeniýet hepdeligine badalga berildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa ýurtlarynyň küştçüleri «Aşgabat 2025» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler ✦ ✦ Galla - biziň baýlygymyz ✦ ✦ Parahatçylyk taglymaty - bitewüligiň binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings 2025» reýtingine goşuldy ✦ ✦ Milli zergärçilik sungaty bilen tanyşyldy ✦ ✦ Meýdan düşelgesindäki dabaraly çäre ✦ ✦ Türkmen sazlary Pekinde ýaňlandy ✦ ✦ Medeniýet, sungat, Magtymgulynyň döredijiligi – milli gymmatlyklaryň hazynasy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Türkmen sazlary Pekinde ýaňlandy
  21.06.2025
21
Türkmen sazlary Pekinde ýaňlandy

Ýakynda, Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ýyly geçirildi. Bu Medeniýet ýylyna  ýokary okuwymyz bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera orkestrinden düzülen topar, şol topara degişli  mugallymlardyr – talyplar, we sungat  ussatlary gatnaşdylar. Medeniýet ýyly hökmünde  geçirilen dabaraly çäreler iýun aýynyň 4-7 – si aralygynda bolup, ýylyň ýapylyş dabarasy hökmünde  konsert çäresi  geçirildi. 


Konsertde konserwatoriýanyň “Orkestr saz gurallary” fakultetiniň «Kirişli saz gurallary» kafedrasynyň uly mugallymy Tahyr Ataýewiň kamera orkestrinden düzülen topar,  uly mugallymlar Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, professor Atageldi Garýagdyýew, Türkmenistanyň halk artistleri ussat aýdymçy Atajan Berdiýew, bagşy Almagül Nazarowa, Türkmenistanyň sungatda at gazanan medeniýet işgärleri Amangeldi Amanow, Gözel Annajanowa, dutarda Aýgül Ýagşyýewa özleriniň ussatlyk başarnyklary bilen çykyş etdiler.


Konsertiň başynda kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde ilki bilen, ussat kompozitor Aman Agajykowyň döreden «Dabaraly eser»-i ýaňlandy. 


Konsertiň dowamynda  şol orkestriň sazandarlyk etmeginde dutarçy mugallym Aýgül Ýagşyýewanyň çalmagynda meşhur «Şükür bagşy» filminde ýaňlanýan birnäçe saz parçalaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.  Soňra aýdymçy Gözel Annahanowa bilen bilelikde «Mukamyň syry» kinofilminde ýaňlanýan Karkaranyň aýdymy ýaňlandy. Soňra bolsa Aýgül Ýagşyýewa  türkmen halk sazy Durdy bagşy atly eserini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. 


Soňra bu dabaraly konsertde ussat halypa aýdymçylar çykyş etdi. Ýagny, Amangeldi Amanow Nury Muhadowyň sazyna «Türkmenistan lälezar», Çary Nurymowyň Ata Atajanowyň sözlerine döreden «Toý aýdymy», Daňatar Öwezowyň «Şasenem – Garyp» operasyndan Şabelediň ariýasy ussatlyk  bilen ýerine ýetirilen bolsa, halypa Atageldi Garýagdyýewiň aýtmagynda meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň «Aşgabat» hem-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň sözlerine döreden «Uýat eýleýir», hem-de Daňatar Öwezowyň Ýuliý Meýtus bilen döreden «Şasenem – Garyp» operasyndan «Ezberhojanyň ariýasy» ýaly dürli aýdymlar ýaňlandy. Bu aýdymdyr ariýa eserleri konserte gatnaşýan tomaşaçylaryň dabaraly gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. 

 

Ýagny, konsertiň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti, bagşy Almagül Nazarowa orkestr bilen «Daglara», hem – de «Şasenem – Garyp» operasyndan «Gyzlar göteriň sandygy» atly aýdymyny belent heňde ýerine ýetirdi. 


Soňra konsertde Türkmenistanyň halk artisti, ussat mugallym Atajan Berdiýew ilki bilen kompozitor Ýao Çeniň Ulykpan Žoldaşowyň sözlerine doganlyk ýurdumyzyň aýdymy bolan Eje atly aýdymyny, soňra bolsa Nury Halmämmedowyň Mollanepesiň sözlerine döreden «Gyz» atly romansy ussatlyk bilen ýaňlandy. Soňra bolsa Gözel Annahanowa hytaý halk aýdymy «Jasmin» kamera orkestriniň sazandarlygynda ýaňlandy. 


Birnäçe aýdymly çykyşlardan soňra, konsert ajaýyp sazlar bilen sahnany gurşap aldy. Tahyr Ataýewiň talyplardyr – mugallymlaryndan düzülen orkestr topary kompozitor Röwşen Nepesowyň «Skerso» hem-de hytaý halk sazy bolan «Uzakdan gelen myhmanlar» atly sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirip, konsertde oturanlar üçin uly täsir goýdy. 


Konsertiň jemleýji pursatlarynda bolsa birnäçe dabaraly aýdymlar ýaňlandy. Ýagny, Atajan Berdiýew we Gözel Annahanowa Weli Muhadowyň we Adrian Şapoşnikowyň bilelikde döreden «Kemine we kazy» operasyndan Ogulbeg we Daňataryň, hem-de Aýlar we Çaryýaryň aýdyşygyny ussatlyk bilen ýaňlanyp, dabaraly konserte gatnaşanlara uly täsirlenme goýup, olaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. 


Konsertde Atageldi Garýagdyýew  Ž. Rossininiň «Figaronyň ariýasy» jemleme hökmünde ussatlyk bilen ýerine ýetirilip, gyzgyn el çarpyşmalara mynasyp boldy. Soňra bolsa konsert Weli Muhadowyň Abaýdy Lokgaýewiň sözlerine döreden «Gel Türkmenistana» atly  aýdymy bilen ähli konserte gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde dabaraly ýaňlanyp, konserti jemledi. 


Kuwwat ÝOWBASAROW, 
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
       “Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano” fakultetiniň V ýyl talyby.