logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Türkmen seýisçilik sungaty
  18.04.2024
1119
Türkmen seýisçilik sungaty

Dünýä belli ahalteke atlarynyň Watany bolan eziz ýurdumyzda atçylygy ösdürmek, ony dikeltmek we kämilleşdirmek, gadymy tohum atlarymyzyň arassa ganly ýyndam nesillerini köpeltmeklige uly üns berilýär. Dana pederlerimiz özleriniň kämil paýhasy bilen bütin adamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşan goşantlarynyň biri-de atlary ösdürip ýetişdirmekdir. Bu ýörelgäniň sungat derejesinde kabul edilmegi ýöne ýerden däl. Ahalteke atlarynyň asyrlar boýy kämilleşmegine getiren türkmeniň seýisçilik sungaty bagtyýar döwrümizde döwrebap görnüşde dowam etdirilýär.  

 

Ata-babalarymyzyň bu hormatly hünäriniň inçeligini, özboluşly taraplaryny kämil öwrenmekligiň önümçilik ähmiýeti örän uly bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, taryhda ilkinji bolup seýis, seýisçilik diýen düşünjeler türkmen halkynyň gündelik durmuşynda ulanylypdyr. Ilkinji gezek biziň watanymyzyň çäklerinde oturan ilat tarapyndan ýyndam atlar eldekileşdirilip, seýislenipdir. Bu “ilkiler” bolsa örän irki döwürlerden bäri türkmen jemgyýetiniň, her bir maşgala ojagynyň bedew atlar bilen aýrylmaz baglanyşykly bolandygyna aýdyň güwä geçýär.

 

Ata-babalarymyzyň seýisçilik hünärini ylmy esasda giňişleýin öwrenmek we ony halk köpçüligine ýetirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle asylly işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Bahtiýar SABYROW,
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.