logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Türkmen Sport ösýär
  05.08.2019
1537
Türkmen Sport ösýär

  Ýurt baştutanymyzyň ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändigi hem-de giň halkara goldawyna eýe bolmagy netijesinde, ýurdumyzda 2020-nji ýylda “Sambo” we 2021-nji ýylda “Welosipediň” trek görnüşi boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzda guralýan ýokary göwrümli sport ýaryşlary watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň ýokarlanmagyna uly ähmiýete eýedir. Muňa mysal edip, Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirilende, türkmen türgenleri baýrakly orunlara mynasyp boldylar. Munuň yz ýanynda hem 2018-nji ýylyň güýz aýynda “Amul-Hazar” Halkara  awtorallisi geçirildi. Bu ýaryşa dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan türgenler gatnaşdylar. Onda hem türkmen türgenleri möhüm orunlary eýelediler. Bu bolsa türkmen türgenleriniň dünýä arenasynda özleriniň abraýyny belende galdyryp, ýurdumyzda sport ulgamynyň ösmegine öz goşantlaryny goşýarlar.

  Şeýle-de, Hormatly Prezidentimiziň zahmet rugsady döwründe ýarygije kuwwatly sport awtoulagynda Garagum sährasynyň ýollarynda menzil aşmagy, welosipedli we “Şa polat” atly aty bilen gezelenç etmegi, Türkmenistanyň ýaş sportçylaryna atalyk nusgasy bolup, ýene-de bir gezek özüniň sporta bolan söýgüsini we ussatlygyny  görkezdi.