logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /TÜRKMEN SPORTY ÖSÝÄR
  06.11.2019
1189
TÜRKMEN SPORTY ÖSÝÄR

   Ýurt baştutanymyzyň ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändigi hem-de giň halkara goldawyna eýe bolmagy netijesinde, ýurdumyzda 2020-nji ýylda “Sambo” we 2021-nji ýylda “Welosipediň” trek görnüşi boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzda guralýan ýokary göwrümli sport ýaryşlary watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň ýokarlanmagyna uly ähmiýete eýedir. Muňa mysal edip, ýurdumyzda 2020-nji ýylyň fewral aýynyň 19-dan mart aýynyň 10-y aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek sporduň «Fudzal» görnüşi boýunça Aziýa çempionadyna gatnaşmaklyk üçin Ahal welaýatynyň ýygyndy toparyna türgenleri saýlamaklyk maksady bilen şu ýylyň oktýabr aýynyň 15-ne Tejen şäheriniň köp ugurly sport toplumynda, Tejen, Babadaýhan, Sarahs, Kaka etraplaryndan gelen 2006-njy ýylda doglan oglanlaryň arasynda sporduň «Fudzal» görnüşi boýunça ýaryşlar geçirilýär.