Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmen-Täjik gatnaşyklarynda halkara parahatçylyk we ynanyşmak şygary öňe sürülýär
  28.02.2025
2304
Türkmen-Täjik gatnaşyklarynda halkara parahatçylyk we ynanyşmak şygary öňe sürülýär

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Täjik Milli Uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Çäräniň çäklerinde Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem guraldy. Bu barada TDH  habar berýär.

Bu çäre Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guralyp, oňa BMG-niň Täjigistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, Täjigistanyň Ýazyjylar birleşiginiň hem-de Täjik dostluk we daşary ýurtlar bilen medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň wekilleri, Täjik Milli Uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, parahatçylyk, ynanyşmak we halkara hyzmatdaşlygynyň ösmeginde iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň möhüm ornuny nygtadylar.

Täjik Milli Uniwersitetiniň ýolbaşçylary şeýle çäreleriň bilim edaralary üçin uly ähmiýete eýedigini aýdyp, Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylmagynyň Magtymgulynyň döredijiligine täzeden nazar aýlamaga mümkinçilik döredýändigini bellediler. Mundan başga-da, iki ýurduň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek ugrunda tagallalaryň edilýändigi beýan edildi.

Ilçi A. Goçmyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň mazmuny we ondaky parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleri barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle hem Magtymgulynyň goşgularynyň iki halkyň medeni we ruhy gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygyny nygtady.

BMG-niň Täjigistandaky hemişelik utgaşdyryjysy P. Ramaswami bolsa, Türkmenistanyň halkara parahatçylyga goşýan goşandyny belläp, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ählumumy derejede ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly itergi berýändigini aýtdy.

Çäräniň dowamynda ýörite sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň Milli Lideriniň hem-de Prezidentiniň kitaplary görkezilip, Magtymgulynyň edebi mirasyna bagyşlanan eserler hem orun aldy. Şeýle hem bu kitaplaryň birnäçesi Täjik Milli Uniwersitetiniň kitaphanasyna sowgat berildi.

Şol gün Türkmenistanyň Ilçisi bilen uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşykda bilim we ylym ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda akademik alyş-çalyş maksatnamalaryny ösdürmek we bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmek boýunça pikir alşyldy.

 

Tagangeldi Gardyýew,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Psihiatriýa,
narkologiýa we medisina psiho logiýasy
kafedrasynyň assistenti.