logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Technology /Türkmen talyplary halkara internet olimpiadasynda üstünlik gazandy
  26.12.2024
743
Türkmen talyplary halkara internet olimpiadasynda üstünlik gazandy

Türkmenistanly talyplar GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Demokratiýanyň ösüşine gözegçilik edýän halkara instituty, Saratowyň Döwlet hukuk akademiýasy hem-de Halkara ylmy maglumatlar merkezi tarapyndan guralan «Dünýä döwletleriniň saýlaw ulgamlary» atly bäşinji halkara talyplar internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler.


«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Selbi Ataýewa hem-de Russiýanyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostluk uniwersitetinde okaýan türkmenistanly talyp Anastasiýa Çerkasowa olimpiadanyň ýeňijileriniň hataryna girmäge başardylar.


Şeýle-de, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan Taňryguly Geldimämmedow hem-de Russiýanyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostluk uniwersitetiniň talyby Malika Hojagurbanowa baýrakly orunlary eýelediler.


Bu abraýly halkara bäsleşige onlarça ýurtdan 177 sany ýokary okuw mekdebiniň 3172 sany talyby gatnaşdy. Türkmenistanly ýaşlaryň bu olimpiadada gazanan üstünlikleri olaryň ýokary bilim derejesini hem-de halkara derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny görkezýär.