logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Türkmen talyplary halkara olimpiadalarda ýokary netijeleri gazandylar
  04.02.2026
392
Türkmen talyplary halkara olimpiadalarda ýokary netijeleri gazandylar

25–28-nji ýanwar aralygynda Buhara döwlet uniwersitetiniň binýadynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda (BIMO-2026) hem-de halkara himiýa olimpiadasynda (BIChO-2026) Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üstünlikli çykyş etdiler.


TDH-nyň habar bermegine görä olimpiadalaryň jemleri boýunça türkmen talyplary jemi 46 medal17 altyn, 17 kümüş we 12 bürünç medal gazandylar. Iri intellektual bäsleşiklere dünýäniň 10-dan gowrak ýurdundan, şol sanda Özbegistandan, Russiýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Pakistandan, Azerbaýjandan, Iordaniýadan we Täjigistandan 500-den gowrak talyp gatnaşdy.


Şahsy we toparlaýyn görnüşlerde geçirilen bäsleşikleriň dowamynda ýokary matematikanyň we himiýanyň möhüm bölümleri boýunça çylşyrymly ýumuşlar ýerine ýetirildi. Gazanylan üstünlikler ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlygyny, milli bilim ulgamynyň döwrebaplygyny hem-de ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanýan hünärmenleriň bäsdeşlige ukyplylygyny aýdyň görkezdi.


Gülşat ÖMÜRKULOWA,
Hojambaz etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň mugallymy.