logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Türkmen talyplary «Lomonosow» uniwersiadasynda baýrakly orunlara mynasyp boldular
  09.06.2022
1102
Türkmen talyplary «Lomonosow» uniwersiadasynda baýrakly orunlara mynasyp boldular

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň üç talyby Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň dil bilimi, sebiti öwreniş we medeniýeti öwreniş boýunça guran «Lomonosow» uniwersiadasynda baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Dil bilimi boýunça ikinji orna D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Aýnur Jumaşowa şeýle-de iki sany ikinji oruna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Jumamyrat Myradowa we Hojamyrat Orazow mynasyp boldular. Ýeňiji bolanlar diplomlar bilen sylaglandylar.

«Lomonosow» uniwersiadasy zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak, talyplaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, olaryň hünär boýunça kämilleşmegine ýardam etmek, talyplary magistraturada, aspiranturada bilimlerini dowam etdirmäge çekmek, zehinli talyplaryň halkara olimpidalaryndaky we bäsleşiklerindäki çykyşlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak şeýle hem Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýär.