logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Science and Education /Türkmen talyplaryndan 30 medal
  20.11.2024
686
Türkmen talyplaryndan 30 medal

Türkmen talyplary 2024-nji ýylyň 7-10-njy noýabry aralygynda Polşanyň Katowiçe şäherinde geçirilen matematika boýunça halkara bäsleşiginde ýokary netijeler gazandylar. Matematika bäsleşiginde şahsylykda 6 altyn, 9 kümüş, 11 bürünç medal gazanyldy, toparlaýyn bäsleşikde bolsa 1 kümüş we 3 bürünç medal eýe edildi. Bu üstünlik barada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berildi.


Bäsleşige Angliýa, Awstriýa, Şweýsariýa, Polşa, Slowakiýa, Sloweniýa, Wengriýa, Özbegistan we Türkmenistan ýaly döwletleriň 35 ýokary okuw mekdebinden 160-a golaý talyp gatnaşdy. Türkmenistandan bolsa 10 ýokary okuw mekdebiniň talyplary wekilçilik etdiler.


Şahsy bäsleşikde gazanylan medallar:

  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti – 3 altyn, 2 kümüş, 1 bürünç;
  • Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti – 2 altyn, 2 kümüş, 1 bürünç;
  • Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti – 1 altyn, 1 bürünç;
  • Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty – 2 kümüş;
  • Döwlet energetika instituty – 1 kümüş, 2 bürünç;
  • Telekommunikasiýalar we informatika instituty – 1 kümüş, 2 bürünç;
  • Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty – 1 kümüş;
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty – 2 bürünç;
  • S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti – 1 bürünç;
  • Türkmen oba hojalyk instituty – 1 bürünç.


Toparlaýyn bäsleşikde:

  • Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary kümüş medal,
  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary bürünç medal,
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Döwlet energetika institutynyň bilelikdäki topary bürünç medal,
  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň bilelikdäki topary bürünç medal gazandy.


Türkmen talyplarynyň halkara derejesinde gazanan bu üstünligi ýurduň bilim ulgamynyň ýokary derejesini we ýaşlaryň zehinini görkezýän möhüm wakalaryň biridir.