logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Türkmen talyplarynyň halkara matematika bäsleşigindäki üstünlikleri
  15.08.2024
694
Türkmen talyplarynyň halkara matematika bäsleşigindäki üstünlikleri

5 — 11-nji awgustda Bolgariýanyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen 31-nji halkara matematika bäsleşiginde (IMC-2024) türkmen talyplary üstünlik gazandylar. Bäsleşik Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London uniwersitetiniň kollejiniň ýanyndaky Amerikan uniwersiteti tarapyndan guraldy.


Bäsleşige 60-dan gowrak ýurtdan 400-den agdyk talyp gatnaşdy. Türkmenistandan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary gatnaşdylar.

 

Türkmen talyplary 3 altyn, 3 kümüş, 8 bürünç medal we hormat hatlaryna mynasyp boldular.

 Altyn medal eýeleri:
Şabibi Nurjanowa – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.


Kümüş medal eýeleri:
Söhbet Maksadow – Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Emir Wellekow – Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Balkan Jepbarow – Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.


Bürünç medal eýeleri:
Sähragül Garlyýewa – Matematika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Salyhbek Döwletmyradow – Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Hajymuhammet Ataýew – Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Didar Gaýypow – Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

 

IMC-2024-de iň tejribeli topar ýolbaşçylary ("The Most Effective Team Leaders in IMC 2024") bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy Agaserdar Ýollyýew kümüş medala mynasyp boldy. Bu üstünligiň Türkmenistanda ilkinji gezek gazanylandygy bellenilýär.

 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda gazanylan bu ajaýyp üstünligi bellemek maksady bilen, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dabara geçirildi.


Bu üstünlik Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň halkara derejesindäki üstünlikleriniň subutnamasydyr.


Türkmen talyplarynyň gazanan üstünlikleri olara halkara ykrarnamasyny getirdi we ýurduň bilim ulgamynyň derejesiniň ýokarydygyny görkezdi!