logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
  24.11.2025
336
Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Bu duşuşyga gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O. Korobçenko ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.

 

Türkmenistan bilen Tatarystan arasyndaky gatnaşyklaryň çuňňur taryhy kökleri hem-de umumy medeni-dil ýörelgeleri bardyr. Şonuň bilen birlikde, iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk ýokary derejede goldanylýar we hereket edýän netijeli mehanizm — bilelikdäki iş topary arkaly yzygiderli ösdürilýär.

 

Mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, öňki duşuşykda beýan edilen teklipleriň amala aşyrylmagy hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň kesgitlenmegi ýaly meseleler girizildi. Toparyň ýolbaşçylary ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmak, bilelikdäki taslamalary ilerletmek hem-de ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek niýetlerini mälim etdiler. Söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat pudaklary geljegi uly ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Şeýle hem ulag-aragatnaşyk, IT, dokma senagaty, oba hojalygy, ekologiýa, ylym-bilim, saglygy goraýyş, derman serişdeleri, medeniýet, sport we ýaşlar syýasaty pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy, milli ykdysadyýetiň ösüş depgininiň ýokarlanmagy, diwersifikasiýalaşdyrylmagy we sanlylaşdyrylmagy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şeýle şertlerde dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň iki tarap üçin hem uly ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy.

 

Maýa Allamyradowa,

S.A.Nyýazow adyndaky türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.