logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler
  11.03.2023
1015
Türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler

Aşgabat şäherinde mart aýynyň 15-ine türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler. Bu barada anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellenilip geçildi.

Maslahata Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar toparynyň agzalary bolan döwlet we pudaklaýyn edaralaryň wekilleriniň, ýurdumyzyň hem-de Tatarystanyň dürli pudaklarda işleýän kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleri gatnaşar.

Geçiriljek türkmen-tatar işewürlik maslahaty Türkmenistanyň Russiýa, onuň sebitleri, hususan-da, Tatarystan bilen dürli ugurlardaky däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berer.

Ýeri gelende belläp geçsek, türkmen-tatar işewürlik maslahaty, 17-23-nji mart aralygynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçiriljek serginiň öň ýanynda möhüm wakalaryň biri bolar. Sergä Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 200-den gowrak agzasy gatnaşar. 

 

Manzura MAHAMMATJANOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.