logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /TÜRKMEN TEBIGATYNYŇ WASPÇYSY
  24.06.2023
3952
TÜRKMEN TEBIGATYNYŇ WASPÇYSY

Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş dünýä halklarynyň köňüllerine dolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ähli ugurlardan söz açýan dana setirlerinde gözel türkmen tebigaty hem öz beýanyny tapýar. Şahyryň goşgy setirlerinde gözel tebigatymyzyň düzüm bölekleri, bolup geçýän tebigy hadysalar, olar bilen baglanyşykly ýagdaýlar eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly şahyryň  «Türkmeniň», «Ýeli Gürgeniň», «Görner», «Içinde», «Yzlamaýan bolarmy», «Bolar sen» we şular ýaly beýleki käbir goşgulary täsin türkmen tebigatynyň üýtgeşikligini ýüze çykarýan setirleri özünde jemleýär. Şahyryň «Içinde» goşgusynda janly-jandarlar edil adam gürlän ýaly «gepleýärler»: 

Durna aýdar, uçar men,
Bagdat suwun içer men...
 

ýa-da bolmasa: 

Düýe aýdar, otlar men,
Otlan ýerim ýatlar men...
 

ýaly setirlere duş gelýäris. Bu goşgy setirleriniň her birinde her bir janawer özi barada, öz ýaşaýyş şertleri barada söz açýar. Goşgy bentlerinde totuguşuň, ýabynyň, durnanyň, düýäniň, gazyň, eşegiň we beýleki haýwanlaryň ýaşaýyş şertleri barada maglumatlar berilýär.

Pyragynyň «Türkmeniň» goşgusy okyjylaryň içinde has köp söýlüp okalýar.  Onuň setirlerinde ene topragymyzyň her bir tebigy gymmatlygy aýratyn agzalyp geçilýär, ýagny: 

...Gül-gunçasy, gara gözüm garasy
Gara dagdan iner sili, türkmeniň...
 

ýa-da 

Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy
Gark bolmuş reýhana çöli, türkmeniň.
 

Magtymguly atamyzyň şygryýet dünýäsinde esasy orna mynasyp bolan goşgularynyň biri-de «Bolar sen» goşgusydyr. Bu goşgy öz içinde tebigatyň düzüm bölekleri janlanýan öwüt-nesihat häsiýetli jümleleri saklaýar: 

Belent daglar belentligňe buýsanma
Göweçde suw bolan zer dek bolar sen.
Tereň derýa haýbatyňa guwanma
Wagtyň gelse gurap ýer dek bolar sen -
 

diýmek bilen şahyr derýanyň, daglaryň mysalynda adamzada iň gelişmeýän gylyk-häsiýet hasaplanylýan men-menligi inkär edýär.

Türkmeniň gözel tebigatyny wasp etmeýän bagşy-sazanda ýa şahyr ýok bolsa gerek. Çünki türkmen tebigaty – bu ylham çeşmesidir. Üstünden asyrlary geçirip, biziň şu günlerimize çenli gelip ýetip, ürç edilip okalýan Magtymguly Pyragynyň tebigaty wasp edýän goşgulary dünýä halklarynyň arasynda dürli dillerde terjime edilip okalýar. 

 

Röwşenbek ORUNOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.