logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmen tebigy gazynyň eksport möçberi artýar
  10.11.2023
716
Türkmen tebigy gazynyň eksport möçberi artýar

Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň ösüşiniň esasyny düzýän elektroenergiýa pudagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent sepgitlere eýe bolýar. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň hem-de iri taslamalaryň gerimi barha giňeýär. Üznüksiz aladalaryň netijesinde bagtyýar halkymyz elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilýär. Raýatlarymyzyň sarp edýän elektrik energiýasynyň hinilini gowulandyrmak hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek üçin amatly şertler döredilýär.

Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady  Hyzamtdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisinde Hormatly Prezidentimiz taryhy çykyş edip, onda YHG-niň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elekroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny mälim etdi.     

Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän bilelikdäki iri energetika taslamalaryna YHG-niň käbir ýurtlary uly gyzyklanma bildirmek bilen gatnaşýarlar. 

 

 

Nejep AMANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Senagat-tehnologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.