Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Türkmen telekeçileri oba hojalyk sergisine gatnaşarlar
  07.03.2025
1510
Türkmen telekeçileri oba hojalyk sergisine gatnaşarlar

Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 29–31-nji maýynda Iordaniýa Haşimit Patyşalygynda geçiriljek “Sawsana 2025” atly 11-nji halkara oba hojalyk sergisine gatnaşarlar. Bu çäre ýurduň Oba hojalyk ministrliginiň goldawy bilen guralýar diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berýär.

 

Sergide iň täze tehnologiki işläp taýýarlamalar, oba hojalygynda, weterinariýada we azyk senagatynda ulanylýan häzirki zaman enjamlar hem-de usullar tanyşdyrylar.

 

Türkmen telekeçileri we önüm öndürijileri häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalary boýunça tejribe alyşmaga, öňdebaryjy halkara tejribeler bilen tanyşmaga, Iordaniýa we beýleki ýurtlardan hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de halkara bazarda öz önümlerini görkezmäge mümkinçilik alarlar.

 

“Sawsana” sergisi ilkinji gezek 2003-nji ýylda Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň başlangyjy bilen geçirilipdi. Şondan bäri giň halkara goldawyna eýe bolan bu çäre, Iordaniýanyň döwlet we hususy düzümleriniň goldawy bilen sebitiň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde möhüm meýdança öwrüldi.

 

Penamyrat HOJAMYRADOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.