logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmen telekeçileri Türkiýede geçiriljek gastronomiýa sergisine gatnaşar
  26.08.2022
898
Türkmen telekeçileri Türkiýede geçiriljek gastronomiýa sergisine gatnaşar

2022-nji ýylyň 2 — 11-nji sentýabrynda Türkiýäniň Izmir şäherinde «Terra Madre» ady bilen gastronomiýa sergisi geçiriler. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan telekeçiler hem bu sergä gatnaşar.

 

 

Bu sergi, adatça, Turinede(Italiýa) «Slow Food» atly iri azyk jemgyýetiniň ýolbaşçylygynda her ýylda iki gezek guralýar. Çäräniň maksady oba hojalygynyň, balykçylygyň we iýmit önümleriniň önümçiliginiň durnuklylygyny ösdürmekden ybaratdyr.

 

 

Sergi bilen gyzyklanýan türkmen telekeçileri maglumat almak üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasyna şu telefon belgisi arkaly ýüz tutup bilerler: +99312-39-89-08.