logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Türkmen topragynyň datly hazynasy
  25.10.2021
849
Türkmen topragynyň datly hazynasy

Güneşli diýarymyz tebigy baýlyklar bilen bir hatarda miwe hem-de bakja önümlere hem baýdyr. Şolaryň biri hem türkmen gawunydyr. Gawun bereketli türkmen topragynyň behişdi nygmatlarynyň biri. Şonuň üçin-de tagamyna taý tapylmajak bu ajaýyp şirin-şeker nygmat halkymyzyň milli baýlygy, halal mirasy we bakjasynyň bezegi, buýsanjy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly: “Türkmen gawuny halkymyzyň rysgal çeşmesiniň dury bulagydyr, tagamyna taý tapylmajak nygmatydyr”. Ýurdumyzda gawunyň köp görnüşleriniň ösdürilip ýetişdirilýändigi mälim. Olaryň bişýän wagtlary we görnüşleri biri-birinden tapawutlandyrylýar. Kyrkgünlik, zamça ýaly irbişer gawunlar maý aýynyň ahyrlarynda ýetişýär. Soňra waharman, gyzyl injir, akmaral, gürbek ýaly aralyk gawunlar bazarlarymyzda dolýar.

Garrygyz, gülaby ýaly giç ýetişýän, uzak wagta durymly gawunlar bolsa gyş aýlarynda hem özleriniň durkyny saklaýar. Gawun käselenip köpçülik bolup iýilýär, dilimläp ýekelikde, gyrgyç bilen gyryp bolsa çagalara we garrylara hödür edlýär.

Gyrgyçlanan gawunyň suwyny içmegiň öz lezzeti bar. Onuň çigidi-paçagy mallar üçin ýokumly iýmlikdir. Halk arasynda bu behişdi nygmaty ýetişdirmek bilen bagly baý tejribeler, gyzykly wakalar hem-de rowaýatlar bar. Bu barada bakjaçylaryň berýän gürrüňleri has-da täsirli. Gawun künjili bolanda joýalaryň arasyna künji ekseň, gawun ter hem süýji bolýar. Bu gadymyýetden gelýän ýörelge. Onsoňam bakjanyň içi künjili bolsa biýaralara şire düşenok, gawunlar ternelände kekene hem degenok. Oňa epgek hem kär edip bilenok.