logo

Soňky täzelikler:
✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar ✦
Baş sahypa / Sport /Türkmen türgenleri uniwersal söweş boýunça Aziýa çempionatyndan 16 medal bilen dolandylar
  26.08.2023
1268
Türkmen türgenleri uniwersal söweş boýunça Aziýa çempionatyndan 16 medal bilen dolandylar

Türkmen türgenleri Çolpan-Ata şäherinde geçen uniwersal söweş boýunça Aziýa çempionatyndan 16 medal bilen dolandylar.

 


Soňky ýyllarda ýurdumyzda sportuň uniwersal söweş görnüşiniň hem uly ösüşlere eýe bolýandygy şu ugur bilen meşgullanýan türgenlerimiziň iri ýaryşlarda gazanýan netijelerinde aýdyň beýanyny tapýar. Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde geçirilen uniwersal söweş boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň eýe bolan netijeleri bu hakykatyň nobatdaky görkezijisine öwrüldi. Yklymyň nobatdaky çempionaty 10-dan gowrak döwletden 100-e golaý türgeni kabul etdi.