Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13 -sinden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş üstünlikli tamamlandy. Bu ýaryş 2024-nji ýylyň maý aýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýen at bilen atlandyrylmagyna bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.
Ýaryşyň ilkinji gününde ýurdumyzyň milli ýygyndy topary türkmen milli göreşi boýunça 14 medal gazandy. Aşyrmyrat Amandurdyýew (57 kg çenli), Ýakup Babaýew (62 kg çenli), Yhlas Begmyradow (68 kg çenli), Agaýusup Garaýew (75 kg çenli), Sylapberdi Nuryýew (82 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (90 kg çenli), Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli) we Nurmuhammet Baýdogdyýew (100 kg-dan ýokary) altyn medal gazanmagy başardylar. Muhammetarslan Geldiýew (57 kg çenli), Atageldi Tejendurdyýew (75 kg çenli), Döwran Jumadurdyýew (82 kg çenli), Begli Hojammaýew (100 kg çenli) we Öwezgeldi Berdiýew (100 kg çenli) kümüş medal bilen, Pälwan Akmyradow (68 kg çenli) bolsa bürünç medal bilen sylaglandy. Ertesi gün bolsa guşakly alyş göreşi boýunça geçirilen ýaryşda galan 10 medal ugrunda bäsleşildi.
Alyş — gyrgyz halkynyň taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan milli göreş görnüşidir. Alyş sözi “Manas” dessanyndan gelip çykýar. Gadymy döwürlerde pälwanlar göreşe başlamazdan öň: “Kel, alyşaly!” diýipdirler, bu bolsa “Geliň, göreşeliň!” diýmegi aňladypdyr. Alyş göreşi diňe dik ýagdaýda alnyp barylýar we türgenleriň wezipesi garşydaşyny guşagyndan goýbermän ýere ýykmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda alyş göreşi dünýäniň dürli künjeklerinde giňden ösdürilýär. Merkezi Bişkek şäherinde ýerleşýän 2002-nji ýylda döredilen Bütindünýä Alyş federasiýasynyň (WAF) düzümine häzirki wagtda 36 ýurduň federasiýasy girýär.
Aşgabatda geçirilen halkara ýaryşda erkekleriň arasynda alty, zenanlaryň arasynda dört agram derejesinde guşakly alyş boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Türkmen türgenleri bu ýaryşda hem ýokary netijeleri görkezip, 4 altyn, 5 kümüş we 5 bürünç — jemi 14 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler. Sylapberdi Nuryýew (80 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (90 kg çenli), Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli) we Dawut Nazarow (100 kg-dan ýokary) altyn medallaryň eýesi boldular. Abdyresul Durdyýew (60 kg çenli), Kerwengeldi Jumagylyjow (80 kg çenli), Nobatgeldi Nazarow (100 kg çenli), Zöhre Gurbanmyradowa (60 kg çenli) we Aýnura Faýzullaýewa (65 kg çenli) kümüş medal gazandylar. Bürünç medallary bolsa Umyt Garagulow (60 kg çenli), Azymuhammet Orazmuhammedow (70 kg çenli), Kuwwat Hojamberdiýew (90 kg çenli), Hesel Orazgeldiýewa (55 kg çenli) we Patma Garajaýewa (70 kg çenli) eýelediler.
Toparlaýyn hasapda Özbegistanyň ýygyndy topary 4 altyn we 5 kümüş medal bilen ikinji orny, Gyrgyzystanyň pälwanlary bolsa 2 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen üçünji orny eýelediler. Şeýle hem Azerbaýjan, Mongoliýa, Russiýa, Täjigistan, Hindistan we Belarus ýaly ýurtlaryň wekilleri baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Ýaryşyň jemleýji tapgyry tamamlanandan soň ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Onda medallar, diplomlar we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýeňijilere gowşuryldy. Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlanyp, ýaşyl tugymyz dabaraly ýagdaýda ýokary galdyryldy.
Şeýlelikde, türkmen türgenleri halkara ýaryşyň iki görnüşi boýunça 12 altyn, 10 kümüş we 6 bürünç — jemi 28 medal gazanmagy başardylar.