logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmen we ermeni kärhanalarynyň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçirildi
  17.01.2026
334
Türkmen we ermeni kärhanalarynyň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçirildi

Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň, şeýle hem Ermenistan Respublikasynyň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik duşuşygy geçirildi. Çärä dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, logistika, zergärçilik hem-de syýahatçylyk ugurlarynda iş alyp barýan kärhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy. Duşuşygyň esasy maksady iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirildi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

 

Duşuşygyň dowamynda çykyş eden resmi adamlar, şol sanda iki ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmeleriniň hem-de Ermenistanyň Ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary ykdysady mümkinçilikler we telekeçilik üçin döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berdiler. Gatnaşyjylara innowasion çemeleşmelere we telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak çärelerine esaslanýan maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyşy görkezildi.

 

Duşuşygyň amaly bölegi türkmen we ermeni kärhanalarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gepleşikleri öz içine aldy. Telekeçiler hyzmatdaşlygy giňeltmek, önümleriň gönüden-göni iberilmegini ýola goýmak we ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça anyk ädimleri maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň netijeleri ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga bolan özara gyzyklanmany tassyklady.

 

Atajan ROZYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.