logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmen wekiliýeti BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy
  09.07.2025
606
Türkmen wekiliýeti BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki baş edarasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejeli duşuşygyna ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Habarlar portaly habar berdi.

 

Çykyşynyň dowamynda ministriň orunbasary Türkmenistanyň daşary syýasatynda bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetlilik ýörelgelerine berk ygrarlydygyny nygtady. Ol Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek baradaky başlangyçlara hemişe üýtgewsiz we goldaw beriji garaýyşyň saklanylýandygyny aýratyn belledi.

 

Duşuşyga gatnaşanlaryň bellemegine görä, bu ýokary derejeli duşuşyk sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça pikir alyşmakda we bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmakda möhüm meýdança bolup hyzmat etdi.

 

Şol gün Mähri Bäşimowa BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az ösüş derejesine eýe ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler we kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekil Rabab Fatima bilen hem duşuşyk geçirdi. Taraplar duşuşykda 2025-nji ýylyň awgustynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahata (LLDC 3) görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

 

Nurgeldi ATAÝEW,

Türkmenistnyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.