logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Türkmen wekiliýeti halkara bilim maslahatynda
  17.12.2025
409
Türkmen wekiliýeti halkara bilim maslahatynda

“DARYA” atly taslamanyň çäginde Ýewropa Bileleşiginiň Ýewropa bilim gaznasy tarapyndan guralan “Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket” atly sebitleýin maslahat 2025-nji ýylyň 2–4-nji dekabry aralygynda Italiýa Respublikasynyň Turin şäherinde geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň wekillerinden düzülen wekiliýet gatnaşdy.

 

Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýada başarnyklary ösdürmegiň ýollary, zähmet bazarynyň isleglerine laýyk bilim ulgamyny gurmak we bilim netijelerini bahalandyrmak usullary, şeýle-de resmi we resmi däl bilim modelleriniň aýratynlyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýewropa bilim gaznasynyň halkara bilermenleri hünär başarnyklaryny ykrar etmek boýunça toplanan tejribeleri anyk mysallar arkaly düşündirdiler.

 

Merkezi Aziýa ýurtlarynda taýýarlanan hünär standartlarynyň taslamalaryna seredildi, olara degişli bellikler berildi we görkezilen talaplara laýyklykda okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmegiň italýan hem-de fransuz tejribeleri tanyşdyryldy. Italiýada (milli derejede), Italiýanyň Pýemont sebitinde (sebit derejesi) we Fransiýada hünär derejelerini işläp düzmek, dolandyrmak we hasaba almak tejribeleri bilen tanyşdyryldy.

 

Maslahat Turin şäherinde ýerleşýän “Toolbox” işewürlik-bilim merkezinde geçildi, şeýle hem, “Atlante del Lavoro e delle qualificazioni” ady bilen zähmet atlasy hakynda, INAPP – atly seljerme instituty hakynda, “France Compétences” guramasynyň hünär kwalifikasiýalary hakynda we “AFPA” atly hünär bilimi öwretmekde fransuz agentliginiň işi bilen bagly halkara bilermenleriň çykyşlary gurnaldy.

 

Leýla ERGEŞOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň
uly mugallymy.