logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmen wekiliýeti halkara ykdysady foruma gatnaşýar
  19.05.2023
948
Türkmen wekiliýeti halkara ykdysady foruma gatnaşýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti «Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023» atly XIV halkara ykdysady foruma gatnaşýar.

Türkmen tarapyndan forumyň işine Hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň, beýleki degişli düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi gatnaşýarlar.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň birnäçe resmi duşuşyklary meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde halal önümçiligine bagyşlanan «Russia Halal Expo» atly halkara sergisi geçirilýär. Onda Türkmenistanda öndürilen önümler hem ýerleşdirildi.

Serginiň açylyş dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow gatnaşdy.