logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Türkmen wekiliýeti «Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazanforum 2023» halkara ykdysady forumyna gatnaşar!
  17.05.2023
909
Türkmen wekiliýeti «Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazanforum 2023» halkara ykdysady forumyna gatnaşar!

18-19-njy maýda Russiýanyň Kazan şäherinde «Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazanforum 2023» XIV halkara ykdysady forumy geçiriler. Oňa  türkmen wekiliýetiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Halkara ykdysady forumda hünärmenler, dünýä azyk bazaryny Halal ülňülerine laýyklykda ösdürmegiň tendensiýalaryny, sarp edijileriň isleglerini üýtgetmegi, Russiýa Federasiýasyndan et, süýt, konditer önümleri we beýleki halal önümleri üpjün etmegiň aýratynlyklaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.

Halkara ykdysady forumyň çäklerinde Yslam naharlaryny taýýarlamakda öňdebaryjy aşpezleriň bäsleşigi, iň täze önümleriň we hyzmatlaryň sergisi hem geçiriler.

Yslam naharlaryny taýýarlamakda öňdebaryjy aşpezleriň bäsleşigine 15 ýurtdan öz işine ussat aşpezler gatnaşar. Türkiýe, Özbegistan, Azerbaýjan, Eýran, Saud Arabystany, Gyrgyzystan, Alžir, Moldowa, Russiýa, Päkistan, Liwan, Malaýziýa, Gazagystan we Tunis ýaly ýurtlardan gelen aşpezler öz başarnyklaryny görkezerler. 

Geçiriljek ýeri: Russiýa Federasiýasy, Tatarstan Respublikasy, Kazan, «Kazan sergisi» halkara sergi merkezi. 

Has giňişleýin maglumat forumyň resmi web sahypasynda: www.kazanforum.ru