logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Türkmen wekiliýeti Saud Arabystan Patyşalygynda okuw saparynda boldular
  24.11.2025
511
Türkmen wekiliýeti Saud Arabystan Patyşalygynda okuw saparynda boldular

2025-nji ýylyň 16-20-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekiliýeti Saud Arabystan Patyşalygynyň Daşary işler ministliginiň ýanyndaky Şazada Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatik barlaglary institutynda okuw saparynda boldular.

 

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan bilen Saud Arabystan Patyşalygynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim boýunça işjeň hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şeýle-de, iki ýurduň bilim ulgamyndaky gatnaşyklary günsaýyn täze derejelere çykýar.

 

Okuw saparyň ilkinji gününde talyplar Diplomatik barlaglar institutynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Institutyň mugallymy Ahmed Al-Fayez Saud Arabystan Patyşalygynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary dogrusynda giňişleýin maglumat berdi.

 

Şeýle-de okuw saparynyň ikinji gününde doktor Khaled Ibrahim Al-Ali Saud Arabystan Patyşalygynyň daşary syýasaty barada talyplar bilen öz tejribesini paýlaşdy. Bu bolsa talyplara Saud Arabystan Patyşalygynyň döwlet maksatnamalary, ykdysady we medeni syýasatlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi.

 

Üçünji günde doktor Raja Al-Mazrouqi Saud Arabystan Patyşalygynyň “Vision 2030” atly maksatnamasy barada özüniň statistiki hem-de seljeriji maglumatlaryny paýlaşdy. Şeýle-de talyplara Saud Arabystan Patyşalygynyň döwlet ykdysadyýetinde, bilimde, tehnologiýada we jemgyýetde alyp barýan düýpli özgertmeleri barada giňişleýin maglumat berildi.

 

19-njy noýabrda  institutyň mugallymy Leyla Al-Zahrani talyplara Saud Arabystan Patyşalygynyň syýahatçylygy we medeniýeti barada okuw sapagyny geçdi. Okuw sapagy ýurtda medeni mirasyny dünýa tanatmak boýunça geçirilýän işleri hem-de halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde alnyp barylýan tagallalary giňden açyp görkezdi.

 

Täsirli geçen okuw saparynyň çäginde "Al-Masmak" muzeýine, "Boulevard Riyadh" dynç-alyş seýilgähine, "Imam Turki bin Abdullah" gadymy metjidine gezelenç gurnaldy.

 

Okuw saparynyň ahyrynda talyplara institutyň şahadatnamalary gowşuryldy.

Kakageldi AKMYRADOW,
 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.