logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmen wekiliýeti Serbiýada geçiriljek sergä gatnaşar
  31.03.2025
1161
Türkmen wekiliýeti Serbiýada geçiriljek sergä gatnaşar

Türkmenistan 2027-nji ýylyň 15-nji maýyndan 15-nji awgustyna çenli Serbiýanyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO-2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar.

 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň maglumatyna görä, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi ýurduň bu sergä ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça degişli işleri eýýäm alyp barýar.

 

Wise-premýer “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” şygary bilen geçiriljek sergä Türkmenistanyň gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri barada çykyş edip, bu ugurda döwlet Baştutanyna degişli teklip hödürledi.

 

“EKSPO” Bütindünýä sergisi ýurtlara öz üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine görkezmek üçin uly mümkinçilik döredýän abraýly halkara çäreleriň biridir. Bu sergide her döwlet öz tehnologiýa täzelikleri, ylmy gazananlary, medeni mirasy hem-de innowasion binagärlik çözgütleri bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik alýar.

 

Gülnara Saparmämmedowa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň

Döwlet lukmançylyk uniwersitiniň Farmakologiýa kafedarasynyň
uly mugallymy lukmançylyk ylymlaryň kandidaty.