logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy
  05.05.2026
336
Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27–29-njy apreli aralygynda Tokioda geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Forum dünýäniň dürli ýurtlaryndan kompaniýalary, startaplary we tehnologiýa hünärmenlerini bir ýere jemläp, täze innowasiýalary görkezmek we hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen guraldy.

 

Çäräniň dowamynda emeli aň, 5G/6G aragatnaşyk ulgamlary, akylly şäherler, ýaşyl energiýa we sanly ykdysadyýet ýaly ugurlar boýunça çykyşlar we sergiler geçirildi. Gatnaşyjylar täze tehnologiýalar bilen tanyşyp, tejribe alyşmaga mümkinçilik aldylar.

 

Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýeti birnäçe öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen duşuşyklary geçirdi. Gepleşiklerde sanly infrastruktura, telekommunikasiýa hyzmatdaşlygy, emeli aň, akylly şäher çözgütleri we startaplary ösdürmek ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Zebo JORAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.