logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Türkmen wekiliýeti Warşawada maslahata gatnaşdy
  12.10.2025
500
Türkmen wekiliýeti Warşawada maslahata gatnaşdy

2025-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky wekiliýeti Finlýandiýanyň hem-de ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosy tarapyndan guralan Adam ölçegleri boýunça Warşawa maslahatyna gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

 

Maslahata gatnaşygyň dowamynda Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Hemra Amannazarow çykyş edip, ýurdumyzyň ÝHHG we onuň degişli düzümleri bilen gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady.

 

Çykyşda Türkmenistanyň adam hukuklaryny goramak, ynsanperwer syýasaty we jemgyýetde sosial integrasiýany ösdürmek ugurlarynda gazanan üstünlikleri bellenildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ynsanperwerlik, deňlik we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygy nygtaldy.

 

Şeýle mysallaryň biri hökmünde, Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen 2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda günäsi geçilen 225 raýatyň esasy jeza çäresinden boşadylmagy görkezildi. Bu çözgüt ýurdumyzyň kazyýet ulgamynda ynsanperwerlik ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

 

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda 15 milletiň we 7 ýurduň wekili bolan 142 daşary ýurt raýatyna ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnama berilendigi aýdylýar. Bu bolsa Türkmenistanda halkara gatnaşyklarynyň, ynsanperwer hem-de açyk syýasatyň üstünlikli ösdürilýändigini tassyklaýar.

 

Gülşirin GURBANOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.