Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” sergisi geçirilýär ✦ ✦ Halkara energetika hyzmatdaşlygy — ösüşiň binýady ✦ ✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmen wekilýeti Awstriýanyň Graz tehniki uniwersitetiniň işi bilen tanyşdy
  12.03.2024
438
Türkmen wekilýeti Awstriýanyň Graz tehniki uniwersitetiniň işi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasynda dowam edýän iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow Awstriýanyň Graz şäherindäki Graz tehniki uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler.

 

 

Awstriýanyň Graz uniwersiteti QS Halkara reýtinginde dünýäniň iň ýokary 280 uniwersitetleriniň sanawyna girýär. Bu ýokary okuw mekdebi inženerlikde we tehnologiýada QS Halkara reýtinginde tebigy ylymlarda, sungatda we gumanitar ylymlarda, biolukmançylyk ylymlarda iň gowy mekdepleriň biri hasaplanylýar.

 

 

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Graz tehniki uniwersitetiniň işi, düzüm bölekleri bilen tansy edildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar öz teklipleri we çykyşlary bilen ýüzlendiler we geljekki hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

 

 

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Graz tehniki uniwersitetiniň arasynda özara Düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

 

 

Geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ylym-bilim babatynda artýandygyny beýan edýär. Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna iş sapary 13-nji marta çenli dowam eder.


Aýjan BATYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.