logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumy geçiriler
  16.03.2024
590
Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumy geçiriler

Şu ýylyň 27-nji martynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Forumyň barşynda maýa goýum, senagat, ulag we logistika, şeýle hem hususy ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalar.

 

Şunuň bilen birlikde, Ýaponiýada geçiriljek «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli pawilýony hem-de onda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.

 

Mälim bolşy ýaly, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda yzygiderli geçirilýän sergileriň, işewürler maslahatlaryň we forumlaryň hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde uly ähmiýete eýedir.

 

Dünýä BÄŞIMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.