Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmen ýaşlary – täze ösüş ugrunyň hereketlendiriji güýji
  09.04.2022
582
Türkmen ýaşlary – täze ösüş ugrunyň hereketlendiriji güýji

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň «Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly»  diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda bolup geçen nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmeklik maksady bilen Watanymyzy ösdürmegiň geljek döwrüniň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylandygyny hem-de  ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi maksat edinýändigini dile getirmeklik bilen, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirip: «Biz diňe bir geljegimizi däl, eýsem, şu günümizi hem ýaşlar bilen baglanyşdyrýarys. Her bir döwletiň beýikligi onuň ýetişdirip, öňe çykaryp bilen nesilleri bilen kesgitlenýär. Şu günki günde döwrebap ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlarymyz ähli ugurda ýüki öz üstüne alýar.  Olar milli mirasymyza çuňňur sarpa goýmak bilen, köpugurly we çalt özgerýän häzirki zamananyň ýokary talaplaryna mynasyp hötde gelip bilýändikleri bilen tapawutlanýarlar.  Ýaşlar döwletimiziň şu güni we geljegidir.  Ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijilerdir.» - diýip belledi. Milli Liderimiziň bu teklibi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň şol taryhy mejlisinde halkymyz tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Ýurdumyzda Watanymyzy ösdürmekligiň täze meýilnamasyny –  «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmeklik maksady bilen, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynda halkymyz Arkadagly Serdarymyza ses berdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  türkmenistanlylaryň täze nesli täze ösüş ugrunyň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda häzirki zaman dünýäsiniň döwrebap ösüşinden, sanly tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, ukyp-başarnykly türkmen ýaşlary ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda önjeýli zähmet çekip, ata Watanymyzyň ykdysady galkynyşyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Gülşat HOJAMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.