logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Türkmen ylmynyň netijeli ösüşleri
  15.06.2023
2752
Türkmen ylmynyň netijeli ösüşleri

Türkmenistan döwletimizde ýurt daýanjy bolan ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagy, saýlan hünärleriniň eýesi bolmagy, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň şertler döredilýär. Täze döwrüň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, kämil tehnologiýalara, ösen innowasiýalara daýanyp, ylym-bilimi ösdürmek babatda baý tejribe toplanyldy. Bu ugurda öňdebaryjy halkara tejribe bilen bir hatarda milli ýörelgeler esasynda bilim işi ýokary derejede kämilleşdirilýär. Täze-täze bilim edaralary, okuw merkezleri ähli künjekde gurlup ulanylmaga berilýär. Okatmagyň usullary hil taýdan kämilleşdirilýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk hem barha işjeňleşdirilýär. Häzirki wagtda ýaş alymlaryň, ýaş inženerleriň, tehnologlaryň we beýleki ugurly hünärmenleriň ylmy-barlag işleriniň netijelerini önümçilige ornaşdyrmagyň ugurlary boýunça degişli çäreler görülýär. Netijede ylym-bilim ulgamy dünýä ölçeglerine laýyk ýagdaýda ösdürilýär hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Türkmenistan ylym-bilim işine dünýä ülňülerini ornaşdyryp, ynsanperwer ulgamda Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrýar. Şeýle-de soňky wagtda ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmaklyk, ylmy gözlegleri geçirmek, hünär derejesi ýokary işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler açylýar. Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda hem-de Tehnologiýalar merkezinde ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de energiýa serişdelerini tygşytlamak meselelerini çözmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu babatda ähmiýetli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ylym ulgamyny kämilleşdirmäge itergi berýär, sanly bilim ulgamyny kemala getirmäge, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ylym ulgamynda halkara gatnaşyklary ýola goýmaga, pudaklary hem ylmy taýdan esaslandyrmaga mümkinçilik berýär. Bagtyýar ýaşlary ylma çekmek, ylma höweslendirmek, olaryň ylmy gözleglerini goldamak işiniň ösdürilmegine ýardam edilýär. Ylmy döwlet tarapyndan goldamak işi giňeldilýär hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, geljegi uly barlaglary, tejribe-synag hem-de tehnologik işläp taýýarlamalary maliýe taýdan goldamak işi ýokarlandyrylýar. Türkmen alymlary ylmy ösdürmek, bu ugurdaky işleri güýçlendirmek, möhüm ugur bolan energiýanyň alternatiw çeşmelerini öwrenip, elektrik energiýasyny öndürmegiň, ýangyç serişdelerini çykarmagyň we ulanmagyň täze tehnologiýalaryny yzygiderli döredýärler we bular boýunça barlaglary geçirýärler. 

 

Rüstem NEPESOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.