logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Society /Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar
  16.06.2023
672
Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar

Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ildeşlerimiziň haj parzyny berjaý etmekleri üçin zyýaratçylarymyzy Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. Şu gün Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji tapgyry Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.

Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyz tutuş dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolarlar.

Ýurdumyzyň zyýaratçylary Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän Hezreti Omar metjidine ugradylar. Zyýaratçylara metjitde bolmagynyň barşynda yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan keramatly Mekge-Medinä gidip, haj parzyny berjaý etmek ugrunda döredip berýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Gurban baýramy döwürleriň we nesilleriň dowamat-dowamlylygyny, şöhratly ata-babalarymyzyň wesýetlerine ygrarlylygy alamatlandyrýar. Din wekilleri hem-de zyýaratçylar milletimiziň örän baý taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde milli däp-dessurlary dowam etmegiň we olaryň aýawly saklanylmagynyň ýaş nesilleriň terbiýelenilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, bu ýere ýygnananlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bu meseleleriň oňyn çözülmegine döwlet derejesinde üns berýändigi, haj parzyny ýerine ýetirmäge zerur şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Zyýaratçylar Hezreti Omar metjidinden ak mermerli paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldiler.

Mekge-Medinä zyýarat etmek tämiz ruhy-ahlak gözelliklerine, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermegiň nusgasydyr. Mukaddeslige zyýarata ugramak many-mazmunyna milli däp-dessurlarymyz, ynanç-adatlarymyz siňen nurana ýörelgämiziň häzirki bagtyýar we abadan durmuşymyzda üstünlikli rowaçlanýandygyny, halkymyzyň döredijiligiň we ösüşleriň ýoly bilen öňe – beýik geljege barýandygyny alamatlandyrýar we jemgyýetçilik durmuşymyza täze öwüşgin çaýýar, täze maksatlara ruhlandyrýar, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar.

Şoňa görä-de, iň gadymy döwürlerden bäri umumadamzat gymmatlyklaryna saldamly goşant goşan, öz ýoluny, ýörelgesini döreden merdana ata-babalarymyzdan gelýän we häzirki döwrüň ruhy bilen sazlaşykly utgaşýan asylly däbimize görä, halkymyzyň agzybir maşgalalaryndan raýatlarymyz ýüreklerinde beslän haj parzyny berjaý etmek arzuwy bilen bu gün ak ýollara rowana bolýarlar.

Watandaşlarymyz haj parzyny berjaý edýän pursatlarynda Beýik Biribardan mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny, ata Watanymyzyň abadançylygyny, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş saglygyny dileg edip, aýat-doga okarlar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideriniň saýasynda we Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän beýik işlerde merdana halkymyza üstünlikleri arzuw ederler.

Türkmen zyýaratçylarymyz sag gidip, aman gelsinler! Goý, Beýik Biribar olary öz penasynda aman saklasyn!

Doga-dilegleriňiz Gudraty güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun, hormatly watandaşlar!

 

TDH.