logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda 202 müň 750 tonna fosforly mineral dökün öndürildi
  13.10.2022
945
Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda 202 müň 750 tonna fosforly mineral dökün öndürildi

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda şu ýylyň başyndan bäri 202 müň 750 tonna fosforly mineral dökün öndürildi. Şeýlelik-de geçen dokuz aýynyň meýilnamasy 125 göterim berjaý edildi.

Kärhanada, Hormatly Prezidentimiziň möhüm pudagyň meselelerine ýakyndan üns bermeginiň we giňden ýardam etmeginiň netijesinde gowy önümçilik görkezijileri gazanylýar. Ylaýta-da, önümçiligi zerur çig mallar bilen üpjün etmek meselesi üstünlikli çözülýär. Hasabat döwründe kükürt kislotasyny öndürmekde hem geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 120 göterim ösüş depgini üpjün edildi.