logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Türkmenabat şäherinde halkara festiwal geçiriler
  01.09.2022
744
Türkmenabat şäherinde halkara festiwal geçiriler

Şu güýzde Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal geçiriler. Welaýatda eýýäm häzirden bu çärä ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde festiwala bagyşlanyp, sergi guraldy. Sergi «Halkymyzyň senetçilik we amaly-haşam sungatynyň waspy dünýä dolýar» diýlip atlandyryldy.

 

 

Serginiň açylyş dabarasyna belli sungat işgärler we halypa bagşylar,  ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary  gatnaşdylar. Soňra dabara gatnaşyjylar ilkinjiler bolup täze ýaýbaňlandyrylan sergä aýlanyp gördüler. Sergide milli senetçiligimize we amaly-haşam sungatymyza degişli gymmatlyklaryň 100-den gowragy ýerleşdirilipdir.