logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Türkmenabat şäherinde täze dermanhana açyldy
  30.08.2022
2683
Türkmenabat şäherinde täze dermanhana açyldy

29-njy awgustda Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde täze dermanhana acyldy.

 

 

Täze dermanhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasyna degişli bolup, arakesmesiz, irden sagat 7-den 23-e çenli işleýär. Dermanhana,  Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň hem-de “Ene mähri” merkeziniň golaýynda amatly ýerde ýerleşýär. Şeýle hem dermanhanada hasaplaşygy nagt we nagt däl görnüşde amala aşyryp bolýar.

 

 

Umumy meýdany 500 inedördül metr bolan bir gatly, ýagty we giň binada dermanlary, lukmançylyk enjamlaryny satýan bölümler, ammar we beýlekiler ykjam ýerleşdirildi. Dermanhananyň işgärleri tejribeli hünärmenlerden, maslahat berýän lukmanlardan ybaratdyr. Bu bolsa alyjylara ýokary hünär derejesinde maslahat almaga mümkinçilik berýär.