logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Türkmenabatda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala badalga berler
  12.10.2022
1316
Türkmenabatda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala badalga berler

Şu gün Türkmenabatda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala badalga berildi. Festiwala gatnaşmak üçin düýn ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Eýrandan, Gazagystandan, Latwiýadan, Rumyniýadan, Türkiýeden we Özbegistandan milli senetçiligiň görnükli wekilleri Türkmenabat şäherine geldiler.

Şu gün Türkmenabat şäherdäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda halkara festiwalyň açylyş dabarasy bolar. Şu gün festiwalyň bütin dowamynda işlejek halkara sergä-de badalga berler. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýaýbaňlandyryljak sergide ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň senetçilik, amaly-haşam sungaty bilen meşgullanýan wekilleri iň gowy eserlerini görkezerler.

Festiwalyň çäklerinde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Gyzyl kürte» atly çeper filminiň görkezilişi hem bolar. Eýýäm halkara festiwallaryň ençemesine gatnaşyp, abraýly baýraklara eýe bolan bu çeper filmiň görkezilişi Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda geçiriler.

Welaýat kitaphanasynda «Adaty senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Dabaralara gatnaşyjylar «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleriň geçirilýän merkezinde milli lybaslaryň görkezilişine hem tomaşa edip bilerler. Festiwal daşary ýurtly senetçileriň türkmenistanly kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygyny, ussatlyk sapaklaryny hem öz içine alar.

Üç günläp dowam etjek festiwal dostlukly halklaryň milli mirasynyň özboluşly duşuşygyna öwrüler. Festiwalyň esasy meýilnamasyndan daşary, myhmanlar üçin gezelençlerdir beýleki medeni çäreler hem meýilleşdirilýär.