logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi
  16.10.2025
580
Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda gurlajak mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasynda çykyş edip, bu taslamanyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ýokary hilli fosforly dökünler bilen üpjün etjekdigini belledi. Täze kärhana daşary ýurtlardan getirilýän dökünleriň ornuny tutup, içerki önümçiligi ösdürmäge mümkinçilik döreder.

 

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, toplumda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndüriler. Bu bolsa ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatyny ep-esli ýokarlandyrmaga hyzmat eder.

 

Prezident Serdar Berdimuhamedow täze kärhananyň işe girizilmegi bilen täze iş orunlarynyň dörediljekdigini, bu ýerde zähmet çekjek hünärmenleriň köpüsiniň daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanjakdygyny aýtdy.

 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şeýle taslamalar durmuşa geçirilende, ekologik talaplaryň doly ýerine ýetirilmegine we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýändigini nygtady.

 

Mekan BEGENJOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.